Ejemiň islegi

Ejem meniň doganlarma,
Uýalarma ýardamçy
Bolmagymy isläpdi.
Sebäp doganyň dogana
Ýardam etmesi däpdi...

Däpdi ulyň kiçisine
El bermegi, galdyrmagy,
Ýykylaýsa birden ýolda.
Ejem meniň jigilerme
Bolmagmy isläpdi dalda.

Ol meniň ullakan hemem
Edenli adam bolmagym
Isläpdi ak ýüreginden,
Hem bilýärdi ýalan ada
Göçmejegmi geçip çyndan.

Eýsem, ýalan şalygynda
Ýalan sözlemän soňsuz,
Ýa ýalana baş atman
Nä-nenesi ulaljak,
Aşyňa haram gatman?

Heňe görä hiňlenip,
Saza görä sözlänler,
Haka, hakykata däl,
Han ýüzüne gözlänler,

Ýardamçy boldy ýakyn,
Ýatlar daşyna üýşüp;
Dogrusyny aýdany
Bogdular basa düşüp.

Ýöne ýalanyň soňy
Erbet gutarýar käte.
Kim tutuldy, basyldy,
Kim ýöne geldi dada.

Diýjek bolýanym, ejem
Ejizlere ýardamçy
Bolmagymy isläpdi.
Sebäp doganyň dogana
Ýardam etmesi däpdi...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019