Ata sargydy

Niýet düzüw bolsa, aýdyp hem diýip,
Düşündirip bolýar gelende wagty.
Niýet ýaman bolsa, ýaşyrsyn, buksun,
Başyna ýumurlar patyşaň tagty.

Ýogsa ol özgeleň öýüni ýykyp,
Başyndan geýdirip otly halkany,
Birsellem dälişge gülenem bolar,
Emma uzagyndan gönenmez jany.

Şükür et, az görme berenni hakyň,
Bendesine bagly bolmasa aşyň;
Niýetiň-päliňi ýagşa tut hergiz,
Hemem nirde bolsaň, dik bolsun başyň!

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024