Haýryň haýry
Şeri goldamagyň ugry-ýoly kän,
Usuly kän gol bermegiň ýamana;
Haýry goldamakdan aňsat ol örän,
Degilmeýär dymana hem çamana.
Ýöne haýry ýeňmek mümkin däl asla,
Görene ol diriligiň özeni;
Öldür, ýitir, emma ýok edip bolmaz
Haýyr üçin öz janyna dözeni...
()