Nobatdaky şum habardan soň dörän goşgy

“Bir doganyň öldi awarýa bolup,
Beýlekisi hassa, ajal kastynda!”
Ajy habar parran geçýär içiňden,
Yraň atyp gidýäň aýak üstünde.

“O dostuň ýogaldy, beýlekisiniň
Ýanýoldaşy başgalady dünýäsin.
O pylany akylyndan azaşdy,
Duşsa gürrüň edýär täsinden-täsin...”

Ozal diňe urşa giden, ok degip,
Ýaralanýar ýa-da diýerdim ölýär.
Indi, meger, ýurtda galmak hatarly,
Biri-birisinden şum habar gelýär.

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019