Ýeke ömür

Ýeke ömür beren ýaradan taňra
Manysy ýok “gysyk” diýip sögmegiň.
Gep seniň özüňde, şol ýeke ömri
Azat ýaşaýaňmy, döwýäňmi egip?

Sen ony guş ýaly uçurýarmysyň,
Ýa salýaňmy tutup, büzmekli halta?
Ne iş etdiň iliň, eziziň üçin,
Ýa-da birazajyk bolduňmy ýalta?

Kime, nämä harç edýärsiň ömrüňi,
Bitarap zolakda nirräkde ornuň;
Hyýal barmy içde uly ýa kiçi,
Ýa bireýýäm bolduň gyrnagy garnyň?

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024