Sowatly millet

Olaryň alajy "ýok",
Çykalgasy "ýok" başga.
“Gowy bolar” diýilse,
Ynanypdyrlar başda.

Dogry, eli gelen bar,
Gönenen göwni, jany.
Emma tozan-darganyň
Agyrrak gelýär sany.

Ýöne agzyny açan
Çykýar has beter ýerden.
Herhal umyt ölmeýär:
“Ýaradan gorar şerden!”

Emma gorag gelmeýär,
Ýa-da gijigýär juda.
Haçana çen beýle bor,
Haçana çen bor çydap?

Kada, kanun gutardy,
Bagyrdyp basdy minnet.
Palça, bilgije çozýar
Bilim-sowatly millet...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024