Gypjak düýşi

Diýýärmişin kakam gaýdan daýylaň,
daýzalaryň görün ýerine hökman,
bölek-büçek edip satylan "Ladam",
altynjymy münüp barýaryn gorkman,
aýagym çekmeýän metjitli oba,
jaýlanan ýerine ilin talanyň,
hem öleniň etmän hiç hili toba,
köçede bar ne it, pişik, ne adam,
birdenem bir çirkin ses çykýar, Alla,
depe saçyň düýrükdirýän, mähelle,
ýer yranan ýaly dökülýär, ýolda
sakga durup, düşýän demir atymdan,
biri diýýär: "Sapar aglaýar ýene!"
Şu arada gaýtalanýar çirkin ses:
"Bagyşlaň, adamlar, geçiň günämi?!.
Ruhnama meniňki däl, ýazmadym,
ýazdym diýip sütem etdim, azmadym,
haýynlyk etmedim diýip biljek däl,
ýa ant içsem, ynanjak ýok, bilýärin,
ýöne aýdyň şu gelene, ýazmasyn,
her goşgusyn çap edende ölýärin!.."

Şu ýerde oýandym, öýüm, Gypjak däl,
metjidi ýok bäri-bärde azanyň,
diýdim aýan diýileni ölene,
ýa işi ýok, okap ýatyr ýazanym.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024