Tragediýa

Diňe onuň partiýasy
Jem-jebis edýär milleti.
Ruh berýär ösdürmäge
Şor basan ýurdy gülledip.

Diňe onuň partiýasy
Köşki-eýwan gurýar, urýar.
Beýlekiler iş oňarman,
Barmak sorup, garap durýar.

Diňe onuň partiýasy
Hossary, daýanjy iliň.
Ilki toplap basýar türmä,
Boşadýar kim açsa elin.

Diňe onuň partiýasy
KGB, jellatly ýany.
Beýlekiler suwa basyp,
Iýse kaýyl gara nany.

Diňe onuň partiýasy
Gürläp bilýär ýeke, uzak.
Beýlekiler dymdyrylýar,
Dymmadyga gurýar duzak.

Diňe onuň partiýasy
Ili hem watany söýýär.
Beýlekiler kim, nirede,
Bellisi ýok, nämä köýýär?

Diňe onuň partiýasy
El çarpylýan güpür-güpür;
Şeýdip öňki partiýanam
Ýykypdylar tapyr-tupur...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024