Putine berlen maslahatlar
Biri diýýär: “Besdir indi,
Git taşla-da syýasaty.
Belli, häkimýet bir neşe,
Süpük bolma mundan gaty!”
Beýlekisi diýýär: “Seniň
Edip biljek gowy zadyň
Çekilmek bor saýlawlardan,
Çünki ogry boldy adyň!”
Üçünjisi diýýär: “Walla,
Çydadym men onki ýyllap;
Emma hiç zat üýtgemedi,
Irmediňmi ili aldap?”
Dördünjisi diýýär: “Uçgun
Aýlanmasyn diýseň oda,
Gyşyň gamyn iý öňünden,
Tapynjak bol ýyljak ada!”
Bäşinjisi diýýär: “Ilde
Tele debat, beýleki bar.
Kandidatlar öňe çykyp,
Açyk çekişmäge taýýar.
Emma bizde baş kandidat
On bäş ýyldyr gaçýan, tezýän...”
Yzyny ýazmaýyn: “Sizde
- Diýmesinler – azmy ezýän?”
()