Milli howpsuzlyk

Milli howpsuzlyk boşy
Baş edinmek hem daşyna
Beýik haýat galdyryp,
Goramak bolsa başyna
Ýeke kesek gaçyrman,
Bolmazdy beýle arman,
Ahmyr iliň gözünde,
Çyn tapylman sözünde.

Milli howpsuzlyk boşy
Bedew ata ataryp,
Bir özün goşup ýaryşa,
Ozdy etmek bolsady,
Öňün arçap öwjegiň,
Agzyn tutup döwjegiň,
Kim çekjek dat-perýady?

Milli howpsuzlyk bolsa
Ogurlyga göz ýummak,
Göz ýummak soňsuz talaňa,
Ýa goldamak haýkyryp,
Iň haýasyz ogryny,
Çykyp beýik alaňa,
Millet düşmezdi garyp.

Milli howpsuzlyk bormy
Mekdebi ýumurlan ilde,
Hassahana, dermana
Gurby çatmaýan millet
Tebibe, palça ýa-da
Açgöz molla ýykylsa,
Adamyň hile-aly
Hak-hudaýa atylsa?

Haçan beripdir alla
Bir nadana soňsuz döwlet,
Iliň agzyndan kesip?
Eger haka ynansak,
Gazanana ýetmedik
Etmezmiş ogra nesip.

Ýakyny ýada öwürip,
Ýakyn edip ogry ýady,
Milli howpsuzlyk howpy
Çuňlaşdyrmak bolmasady;
Özgä basyp bolar, belki,
Özüňe ötmedik ody...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024