Hatarly ýer
Diýýärler häkimlik hatarly mydam,
çünki çekýär iň erbedi özüne,
iň gowyny bozýar, azdyrýar öwüp,
garpyz berip goltugyna goşadan,
adam bary ejiz, ikilik edip,
dyza çökýär gara nebsiň öňünde,
kast edýär özüne, kast edýär ile,
yzdan gelýän nesillere görelde,
geçýär olar üzeňňiňden üç sapar,
alty sapar, altmyş sapar, ynansaň,
ynanasyň gelse, wezipäň bolup,
sebäbi berjek däl, ýaşajak alyp,
doýdum, doldum, kanagat ýok sürüde,
iýjek olar agzy ýeten zadyny,
soň messepsiz, akja jüýje özleri,
garalajak başga birniň adyny,
diýýärler häkimlik ýetse ýuwana,
alar iliň bedew kibi badyny.