Göreş bolsa

Göreş bolsa, şübhesi ýok, elmydam,
lenin bolar, stalin bor içinde,
trotski bolar, bolmasa bolmaz,
her zat etjek, biri-birin ýok etjek,
soňra boljak akja jüýje, gahryman,
ýazyjy kän, şahyr ýetik arzanlan,
ýarym litr arak berseň bolany,
at-dereje, wezipeli bolanlar,
hyzmat eder güýçli görse azany,
suw bulajak, balyk tutjak çeňňeksiz,
süýji bolar birleriniň dilleri,
beýlekiler, dili zäher, gaçylar,
ilki ýolda sada bolar köp adam,
soňra görüp, tanap gözi açylar,
göreş bolsa, bolar saparmyratlar,
ýüzükli ýa ýüzügi ýok, parhy ne,
birisi baý, biri garyp, pukara,
haýyn etjek, satjak alan tapylsa,
bolar ýene ak-garaly, ýaraly,
göreş bolsa, bolar mydam ýežowlar,
beriýalar bolar, bolar gorkiler,
ýeseninler bolar, öldürilse-de,
göreşden däl, bahyllykdan gorkular.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024