Seniň işiň
Gül beribem ýaranmarsyň adama,
pul beribem ýaranmarsyň adama,
mal beribem ýaranmarsyň, ýüregi,
derejesi bilen keser nyrhyňy,
ata-babaň gül berdimi birine,
pullumyşyn, baý, begmişin, hamala,
mallymyşyn, a biz garyp, eşeksiz,
gaçyp bilmän galan bolşewik gelip,
diýer adam ýüreginde ne bolsa,
käte çyndan, käte öýkeli, gülüp...
Ýaranmarsyň, başyň goýup göreşseň,
özüň üçin, diňe özüň üçin däl,
türmä düşseň, samsyk diýip gülerler,
çyksaň, gaçsaň, haýyn borsuň, ýurduňy
gara şaýy üçin satan, bigäne,
ýaranmarsyň adamlara hiç haçan,
şonuň üçin näme etseň, özüňe,
ýüregiňe geňeş, mesele munda
iliň näme diýeni ýa diýmäni,
aç bolany, iýeni ýa iýmäni,
seniň işiň, aladaň däl, agzyny,
ýa-da bolýan bolsa, ýuwmasyn dişin,
seniň özüň, öz ýüregiň seň işiň.