Kemçiligiň boýnuňa al
Adamçylyk, kimde bolmaz,
kemçiligiň görkezseler,
çapyp barýan at mahalyň,
urjak bolup ýüzüňe däl,
gygyryp ýa sesiň basman,
ýa üstüňden güljek bolman,
adam ýaly, doganlaryn,
ýakynlaryn aýaýan kän,
ýa ýalbarýan agasyna,
ýa dostuna içme diýip,
çekme diýýän inisine,
oka diýýän oňa derek,
işle diýýän öz üstüňde,
ýalňyşlaryň görkezseler,
ýalbarsalar bir, iki däl,
düzetmegiň haýyş edip,
gahar etme, töhmet atma,
boýun alman kemçiligiň,
minnet edýär diýme beren
kömegine, goldawyna,
ýa gysýanýar diýme wagtyn,
arly diýme adamlara,
öçli diýme adamlara,
eger olar şeýle bolsa,
sen salýarkaň ile ýara,
ýa özüňi ak görkezip,
il diýýärkäň gara-sura,
seni beýle aýap goýman,
iterdiler her çukura.