Köpçülik ýalňyşy

Seret ile, il ýaly bol, köpçülik
nirä tarap barýan bolsa, şoňa git,
galan goýny möjek iýer diýerler,
ýol gözleme, azaşarsyň, il bilen,
köplük bilen azaş azaşsaň hatda,
ýöne bela möjekdemi, çopanda,
ýa nämesi gowy köp bolup, üýşüp,
uçutdan bökmegiň aşak, yz-yza,
ýa-da ýesir bolup galmagyň, ejiz,
öz-özüňi saklap, çökerip dyza,
garaşmagyň gysan köwşüň çykarman,
suwuň gyrasyna gelseň-de bir gün,
uzak ýoly geçip, ýat ilde, sürgün,
biri görüp ýyrtygyny jorabyň,
aýaklaryň çişin, jaýrygyn ökjäň,
ýüregiňe batyp duran yzasy,
gülse, gürrüň etse näderin diýip,
ürküp geçmek gowumyka adama,
ýa-da adam görnüşinden sadamy?

Ýeri, näme diýdi näme köpçülik,
ýa-da onuň hemişelik agzasy,
galyp bolan öz-özüne, hiç haçan
özüm näme diýip, sorap bilmedik,
özüni özünden gorap bilmedik,
gypjyn-gypjyn ýaşan ýaşan gününi,
gijelerin pikir edip geçiren,
iller näme aýdar, näme diýerler,
goja çopan diýdi: buýan goýunlar,
garda galsa, öz ýüňüni iýerler.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024