Köwüş gürrüňi

Sen meniň adymy bilip bilersiň,
bilersiň, belki-de, doglan ýerimi,
ugran ugrum, goş ýazdyran ýerlerim,
okan jaýym, işlän ýerim, işlerim,
kitaphana dursa, bilip bilersiň,
ýakylmasa, otlanmasa ýazgylar,
il busanda, güýjüm ýetmez, bilýärsiň,
ýurt gurmaga ýa ýykmaga zalymy,
bir sesim bar, bir ýüzüm bar, iki däl,
näme diýip nadaralyk etseň-de,
ýa çak ursaň öz ýüregiň üstünde,
sen hiç haçan bilip bilmersiň anyk
meniň ýüregimde näme bolanyn,
nämelere gynanym, ýananym,
nämelere düşünenim azajyk,
nämeleriň arman bolup galanyn,
sebäbi sen başga köwşüň ýesiri,
başga ýolda tozan, ýyrtylan, abat,
meniňkiden gymmat ýa-da has arzan,
özüň bilýäň, men aýtmaýyn ýalanyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024