Howlukmaç adam

Bu dünýäni ylgap aljak,
hiç durmajak, dynç almajak
adamlara, jany durman, käbiri
diýýär bu bir hassalygy zamanaň,
diýýär olar hasur-husur ýaşamaň,
duruň käte, boş oturyň, oýlanyň,
aşagynda agaçlaryň, gojaman,
ne gyş, ne ýaz, howlukmadyk hiç ýere,
suw boýunda, akyp barýan alakjap,
oturyň siz, soraň ondan, ne gördi,
gyssanmaň hiç, ajyran däl, alňasan
öler diýip, özün diňlän atalar,
ýa-da diýen iým ýok ýatan öküze,
göz öňüne getirmedik bolsa-da,
interneti, habarlary her hili,
maglumaty, görülmedik, bolmadyk,
bolan däldir häzirki dek görgüli.

Iş iş boldy, işsiz pahyr, belki-de,
guly bolan döwüm nanyň, oturyp,
ýa gyşaryp ynjalmajak, gülmejek,
ýöne işlän, özün tutan, bozujy,
eziji bolanlar beter olardan,
gazanany, bezeneni az mydam,
bu dünýäni ylgap aljak, ýykyljak,
käbirleri saklan diýýär, eý, adam!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024