Zynjyr meselesi
“Kakam dekanyň öýüne baranda gapyny aýagy bilen açypdyr. Sebäbi iki elem zatdan doly eken.” Studentiň gürrüňinden.
Eli zynjyrlanan bolsa adamyň,
Hemem ýatýan bolsa zynjyr ýassanyp,
Göni baryp, zynjyryna ýapyşma,
Ol ony jany dek gorar gyssanyp.
Aýagy zynjyrly bolsa adamyň,
Ýöräp menzil aşyp bilmese asla;
Baryp, zynjyryny gyrmakçy bolsaň,
Topular üstüňe hopugyp, haşlap.
Aňy zynjyrlanan bolsa adamyň,
Ýa-da ýüz ýyl ýesir bolsa ýalana,
Geň görme sen onuň golun gowşuryp,
Tabyn bolşun şol zynjyry salana.
Belki, muňa düşünjek az entejik,
Ýene az bor ele kän baksa dekan;
Adam bar zadyny goragyç bolar,
Emma boljak zadyn goramaz ol kän...
()