2011-nji ýyl

Agdarlyşyk, öwrülişik,
Gurluşykmy, urluşykmy?
Atýan haýsy, ölýän haýsy,
Barlyşykmy, gyrlyşykmy?

Kim bir döwüm çörek üçin sergezdan,
Kim-kimleriň bagty ýatýar, dargaýar.
Kim ýurdundan gaçýar başyny alyp,
Kim-kimlere alkyş aýdýar, gargaýar.

Dünýe nirä barýar, nireden çykjak,
Çak urýan kän, emma kimse bilmeýär.
Bir diktator aşyk bolýar ak güle,
Beýlekisin jaýlaýarlar, ölmeýär...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024