Ýalan gülki

Gülen bolýardylar olar,
ýazsaň, ýansaň, duşup ýolda,
“Saňa näme bolýar?” diýip,
ýylgyr ýa gül özüň aldap...

Diýýärdiler: “Öňem biri,
ýaş başyndan gussa iýip,
aşyk bolup sary güýze,
ýazan bolup ölüm hakda,
35-de döwlen küýze,
kesek bolup siňdi ýere,
ile seret, nirä gitse,
şol tarapa seret, ýöre!”

Gürleýärdi agzyn ýerden
tapan ýaly uly, kiçi,
a soň gülen bolýardylar,
belki, bu bir derejedir,
ilki arak, şerap döwri,
soňra geldi beýlekiler,
tirýek, gerre boldy höwri,
agzy zaýa köpelýärdi,
“beýtmäň” diýseň, eliň gaňryp,
galamyňy döwýärdiler,
gassaphana geçisini,
perişde dek, öwýärdiler.

Gülen bolýardylar olar,
belki, dogry edýändirler,
her kim gelip, geçmeli, hak,
bilip, irräk gidýändirler.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024