Kelle hem papak

Gazana görä gapak,
Kellä görä papak bormuş.

Uly bolsa gapak, papak
Gaýnamazmyş gazan ýa-da
Gaçarmyşyn kelleden,
Muny bilmek üçin, belki,
Aşmaly däl elliden.

Eger kiçi bolsa gapak
Gaçarmyş gazan içine;
Papak bolsa ilmän kellä,
Gaýdar durarmyş kejiňe.

Gazana görä gapak,
Kellä görä papak bormuş.
Gapagy jebis bolmasa,
Gazan aňsat gaýnamazmyş.

Dogry, ody belent bolsa,
Ýa-da suwy az juda,
Gazan birden gaýnap, çogup,
Odun öçürer käte.

Şonda onuň gapagynyň
Uly, kiçi, manysy ýok.
Kellä görä papak bormuş,
Gara, goňur ýa-da ak...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024