Anonimem ýaşap bolýar

Anonimem ýaşap bolýar,
Sesiňi çykarman, geplemän asla,
Ýa-da başga at bilen,
Golsuz arza ýazan ýaly,
Ýazan bolup ýaşap bolýar ýalanyň;
Ýa ýüzüňe maska geýip,
Öý urup, dükan ýaryp,
Ertesi öz ýüzüň bilen
Ýylgyryp bolýar gizläp
Ogurlanyň, alanyň.

Anonimem ýaşap bolýar,
Ölübem bolýar tanalman,
Bilinmän gelen-gideniň
Bir obanyň çäginde,
Sessiz-selemsiz,
Gelenem bolsaň jägildäp...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024