Aňy açyk bilen aňy ýapygyň tapawudy

Ýer-gök arasynda näme bolmady,
Ýa nämeler bolmaz, aýdyp biler kim?
Kim ogry, kim dogry, kim ak, kim gara,
Kim kime nä-neneň çykarar höküm?

Ýöne bir zat belli, aňy açygy,
Sokrat deý sud edip öldür, ölmejek.
Aňy ýapyk, bala besle, güle bas,
Gözi zatdan doýman öljek, gülmejek...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019