Aglaýan göz

Günbatarly bir protestçi ullakan ak kagyza aglaýan gözüň suratyny çekip, aşagyna “I’m crying for my country” diýip ýazypdyr.

Ol bir göz,
Ullakan, owadan, mawy.
Gözýaş damjalary syrygýar aşak.
Çylgym-çylgym gyzyl bolupdyr agy...

Ol bir göz,
Gygyryp, elin galgadyp,
Azgyrlanok, haýbat atanok ýa-da.
Ol diňe aglaýar sessiz-sedasyz,
Ýurdun ýagy alyp, iň soňky ada
Gaçyp atan soňky watançy ýaly.
Heý, agydan duşman geljekmi dada?

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019