Agram meselesi
Adamda agram bolmasa,
Çümmez durmuşa, tersine
Ýüzde gaýar, gaýmalar,
Gonjak bolar her kersene,
Siňek ýaly ýoknasyz...
Adamda agram bolmasa,
Penjek geýdirip gowy,
Ýa sagat deý her agşam,
Ýaltanman berip towy,
Ertir guwanyp bilmersiň.
Sebäbi ol bilmez wagty,
Haýsy asyr, haýsy pasyl.
Jeň gurar ak gündiz diýip garaňka,
Bedasyla diýer begzada, asyl,
Tarapyny alar nirede tersiň.
Adamda agram bolmasa,
Ynanar ýüzüne öwseň.
Duşman saýar dogruçyly,
Ýigrener dik durup döwseň,
Ýok etjek bor hakykaty.
Adamda agram bolmasa,
Her näçe özün aldasyn,
Eşek bolar münen aty.
()