Imanly dost

Din-imanly bolan bolýan,
duran bolýan gapdalyňda,
ynanmaly adam ýaly,
emma näme duýgudaşlyk,
ýa bilmeýän, ýa-da ony,
uçan guş dek at-owazyň
ganatyny gyrmak üçin,
urmak üçin ulanýan är,
gözüňde ýaş görse çala,
däli sil dek bulanýan är,
ýykan-ýumran edip ýoly,
ýodalary daşa gömüp,
ahmal wagtyň häzir bolar,
gytdyr mydam derdiň aljak,
ýöne köp bor entän günün,
egniň basyp, beýge galjak.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026