Hapalanan ýurt
Haýsy sazyň sesi haram yslamda,
sorapdyrlar Rumydan bir gezek,
diýipdir ol çemçe sesi tabaga
inip-çykýan baý öýünde, goňşular
aç otyrka Alla diýip, gultunyp,
çagalary bilen seredip gapa,
mätäç bolsa iliň garry-gurtusy,
ýurt içinde kändir tämizden hapa.