Möhüm iş
Ol işiňiz, möhümiňiz,
gyssag bolsun ýa bolmasyn,
bir-biregiň ýüzünde ýa
ýeňsesinde bitirmäň,
bu ýok edýär gatnaşygy,
görüşmegi adam ýaly,
sylamagy bir-biregi,
ýazan bolup gyzyl haly,
aýagyna ýakyn, ýadyň,
aşak düşmäň beýle bela,
zary bolup şan-şöhradyň,
mal-dünýäniň, basyp alyp,
öý-ojagyn ýykmaň başgaň,
hapalamaň aşhanasyn,
sylaň bolman özüňizi,
ol işiňiz, wajyp örän,
bir-biregiň depesine,
geçidine geljek, geçjek,
içidine bitirmäň,
adam adyn, gerek bolar,
beýle arzan ýitirmäň.