Bilmeýänin bilmeýän

Aýdyjyny üýşüp, köpläp,
ýok edýärkä güýji ýeten,
süri bilen tabyn bolan,
tomaşaçy daş, ýakyndan,
watançylyk bolsa ýalan,
ýapa degmez sözler, ertir
bir iş bolsa, gaçjak ilki,
hormatly, il ýaşulusy,
ýa sylagly adam bolsa,
bilmeýänin bilmeýän il,
aňsat wagty öwrenmedik,
alym-berip ýolun saýlap,
akyl satyp, nakyl satyp,
ogul-gyzyň başyn aýlap,
ýüz öwüren hakykatdan,
gelip giren batgasyny,
aýakgaby bolsun gowy,
ýa ulagy, biler hökman,
biraz uzak diri galsa.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025