Müňkürlik nokady

Başy diýen bela gelip,
başlananda başagaýlyk,
birleşmegiň deregine,
tire bolup, taýpa bolup,
millet bolup başga dilli,
başga dinli diýmän kimsä,
ýurdy bölýän ýaga garşy,
goramaga derek halky,
geljegini nesilleriň,
sözün gorap iliň ilki,
metbugatyn gorap bolan,
görnüp durka näme bolýar,
basyp alýar diýmän ýalan,
öňküsinden has güýçlenip,
gerek ýaly ile talaň,
ýa alaman öz içinden,
kimi görseň, beýlekini
garalady häzir boluň,
haýyndyr ol diýip, dogan
doganyna ynanmaýar,
birleşjek ýok, näme bolsun,
il özüne gynanmaýar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026