Peseldilen nyrh
Item aryklygyn gurda bildirmez,
hanha, ýene oňuşmady, uruşdy,
mesele oň hut özünde, ýurtda däl,
ýa ilde däl, sözi söz däl, dürüşde,
diýdirmejek bolup dymarsyň ýene
şol bir açgöz, şol bir bahyl duşanda,
ýoluň kesip, saga, sola goýbermän,
keserende hytaý diwary ýaly,
ýa-da öňem ýagşy söze ynandyň,
ýene-de bir gezek gysganma diýip,
hoşamaýlyk edip etmesiz ýerde,
ýylany hininden çykarjak bolup,
çakdyraňda gygyrmasaň awudan,
agaç ýokka, çekiç ýokka, çüý ýokka,
ýasap beren ýaly merduwan, batyr,
depäňe çykjaklar köpeler barha,
ýüzi galyň, sag bol aýdyp sypmaly,
arzan borsuň özüň peselteseň nyrhyň.