Ahal pagta planyny dolupdyr...
Ahal pagta planyny dolupdyr,
Borçnamasyn berjaý edipdir ýa-da.
Bu habary eşdip, egnimde partyk,
Gelen ýaly boldum daş ýoldan ýadap...
Ondan bäri tasdan kyrk ýyl geçipdir,
Mekdep partasynda oturmaň ýerne,
Watan harmanyny “beýgeltjek bolup”,
Işlärdik meýdanda golumyz çermäp.
Aýdylyşy ýaly aýdymda hemem
Gazetlerde, pikir etmezdik ýalan:
“Bagtly geljegmize barýardyk”, ýöne
Pagta boldy biziň badymyz alan.
Ýagty klasymyz ýapyp, gulplap,
Mollumlarmyz bilen kowup meýdana;
Döwlet biziň ýolumyzy urupdy,
Baýrak belläp irmän-arman haýdana.
“Soň şu ogurlanan ýyllaň yzyndan,
Giden otly ýaly, ylgarsyň uzak” -
Diýip aýdyp biljek ýokdy, sebäbi
Durna gökde bolsa, ýerdedi duzak.
Ahal pagta planyny dolupdyr,
Borçnamasyn berjaý edipdir ýa-da.
Bu habary eşdip, begenmäň ýerne,
Gelen ýaly boldum adamsyz ada.
()