Oýnalýanyň oýny
Iki sözüň başyn çatyp bilmeýän,
Bilmedim, nämüçin, hassa mysaly,
Kitap ýazýan boljak bolýar her edip,
Öz ýanyndan salyp millete aly.
Ýok, ol diňe aldamaýar bir ili,
Pul döküp, terjime etdirýär “işin”.
Hantamalar öwýär: “Beýik iş şeksiz!”
“Beýik däl” diýeniň döwjekler dişin.
Zoruň netijesi, bilinýän zady,
Aýdyp bilmän dymýar dymmajak diller.
Alaçsyz bolanda, neýlesin dagy,
Oýnalandan bolup, oýnaýar iller...
()