Bir türkmeniň ykbalyndaky üç pursat

Ozal Mekgäň ýerne Meskewe sürüp,
Hudaýsyz kommunist etdiler ony.
Soň metjit görkezip, namazlyk berip,
Hak ýoluna tarap itdiler ony.

Arakhordy, goýdy piwe-şeraby,
Hatda nas-çilimden açdy arasyn.
Ýetime, ýesire seçdi, dargytdy,
Başlyk bolup, haram toplan parasyn.

Sary gulpak gelinlerden daşlaşdy,
Terk etdi dostlaryn meslige hemra.
Öý-iş hemem metjit ara zygyrdap,
Begendi hak ýolda bolanna gümra.

Ýöne bir gün, aýdyşy deý Pyragyň,
“Eý, agalar, gözi bir ýaman gördi.”
Metjidiň töründe tanalýan biri,
Gurhany basalap, ýalaňaç durdy.

Düýşümi, huşumy, aksakgal bary,
Çyplagyň öňünde çöküpdir dyza.
Ol ýaňy işikden ätläpdi çala,
Ýyldyrym uran dek serpildi yza.

Şondan bäri hiç çykmaýar öýünden,
Ýeke-täk mydary çanak antenna.
Günde "Azatlyga" dikýär gulagyn,
Hemem uka gidýär TV-niň ýanda...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019