Bilimiň manysy

Platonyň äheňinde

Öz çagaňa bilim bermek
başga zat däl öwretmekden
islemegi dogry zady,
ýaşyryp däl, aýdyp adyn,
düzüw zady bilmek, görmek,
bilim, meger, iň owadan,
görkezmek ýol, ýodalary,
dil öwretmek öz çagaňa,
öwretmek däl para berip,
dyrmaşmagy ýokarlaryk,
diňe hapa aýkgap däl,
kirlän ýürek bilen, belki,
öwretmeli olara biz
gyzyl çyra ýansa durup,
ýaşyl ýansa geçip ýoldan,
bilip nämäň geregini,
ýaşamagy adam ýaly,
sap atmagyň deregine.

Bu düýn, şu gün bolan zat däl,
has aňyrdan gelýän ýagy,
gije-gündiz özüň aldap,
ili aldap ýaşamagy
öwretmek däl bilim bermek,
belki, muny bes etmekdir,
goý, geçmesin şundan aňryk,
güýç ber diýip maňa, taňrym?!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024