Arzan erteki
Göreşýän däl, göreşenden bolýanyň
gep-gürrüňi arzan bolar, çygylyp,
bokurdaga agram salar, gygyrar,
görünjek bor iň edenli, iň batyr,
ýöne dilde, hiç iş gelmez elinden,
biri bir zat diýse, basjak bor gaty,
tapar gözläp kemsidiji söz bolsa,
haýbat atar aşak düşüp bilinden,
balak ýaly, biraz ullakan bolýan,
ýüzi galyň, kasam eder, öwüner
alan ýaly eýýäm ýarysyn dünýäň,
galan ýaryn ertir, birigün aljak,
günäsini geçjek diýer geçeniň,
o tarapdan bu tarapa, bolmasa,
bellisi ýok haçan, haýsy döw çaljak,
goldamadyk görsün diýer özünden,
edenine jogap bersin, çydasyn,
satjak bolýan ýaly bazarda, pahyr,
basyp alnan ýa suw basan adasyn.