Içgepletme
“Poha degseň, beýniň dolar ys bilen.” Magtymguly
Degme, daşam atma başarsaň, oňsaň,
Sowul, aýlanyp geç, ätläp geç ýa-da.
Goý, halaýan başujynda otursyn,
Aşyk bolan ýaszyn şanyna oda.
Gaç başyňy alyp, ýurt çalşyr ýedi,
Ol nirede bolsa, eglenme, durma.
Ýöne şonsuz ýeri tapmarsyň asla,
Degmeseňem goýmaz beýniňe urman...
()