Gowulyk edip bilmersiň
Öz-özüne ýagşylyk islemeýän adama,
Öz gyzyna ýagşylyk islemeýän adama,
Öz ogluna ýagşylyk islemeýän adama,
Agtygyna ýagşylyk islemeýän adama,
Ýagşylyk edip bilmersiň.
Ol özüni senden akylly saýar,
Ol özüni senden edenli saýar,
Öňe bakýan saýar, saýar köp bilýän,
Özün ökde saýar ýalançy dünýä,
Özi akmak diýer ýykylýan, ölýän.
Öz-özüne gowulyk islemeýän adama,
Öz-özüne dogrulyk islemeýän adama,
Ýa gowulyk diýýän özi dik dursa,
Ýa dogrulyk diýýän bir özi ursa,
Ogurlasa görünmeýänden bolup,
Nämemiş, “Aýbyňy ýaparmyş baýlyk,
Ýüzüňe gelmezmiş beg bolsaň kimse...”
Sen beýle adama, her näçe dyza,
Gowulyk edip bilmersiň!
()