Diňlemezlik problemasy
“Bir nadana aýdan sözüň, Ösüp giden batça bolmaz.” Magtymguly
Diňlemegi inkär edýän adama,
Düşünmegi inkär edýän adama,
Öwrenmegi inkär edýän adama,
Zat öwredip bilmersiň.
Sebäbi ol senden has ýokarlarda,
Belentde bir ýerde oturandyr ýa
Özüne has uly baha berýändir,
Ýa-da hiç kim aýdan däldir çynyny,
Tersine, “Ýer görmez seň ýaly merdi!”
Diýip ýerden üzendirler aýagny.
Diňlemegi inkär edýän adama,
Eşitmegi inkär edýän adama,
Bilmegi, görmegi, aňmagy ýa-da
Aňlajak bolmagy inkär edýäne,
Hem nöker tutýana nadandan süri,
Zat öwredip bilmersiň,
Ol özüni bir gün agzyna berer
Tahrir meýdanynda arlaýan barsyň...
()