Hakdan gelse
Hudaý saňa goşgy berse garaman
Wagtyň bar-ýoguna ýa-da ýanyňda
Saklaýamyň diýmän jonnuk döwedi;
Sen ony ýazmaly bir ýere hökman,
Akyp barýan dünýä basyp böwedi.
Çünki akan suwlar gelmeýär gaýdyp,
Ýa-da gelýär düýpden başga şekilde,
Şonuň üçin haka sagbolsun aýdyp,
Goşgy berse, derhal çöküp dyzyňa,
Naçar ene ýaly, hamyla bolup,
Zürýadyna ömür berip ýykylýan,
Sen goşgyňy galdyr ogul-gyzyňa...
()