Ykbal
Men ýerinden galjagyň ýerden galýanyn gördüm,
Ret edip çekilmegi yzyna;
Hemem gördüm gep-gybata çolanyp,
Dikel diýseň, müň bahana tapýany,
Eklenjini ýükläp aýal-gyzyna...
Oýanany gördüm oýanmak isläp,
Hem ýatany, aňsat görüp, mejbur däl.
Ýok ozaldan ýazylan zat maňlaýa,
Ykbal bolar gol ýapylan pikir, päl.
()