Baky sorag

Sen ömrüňi ulanmaly neneňsi,
Nädip ýaşamaly haýyrly ile;
Bolman ýamanlygyň ýarany bolman,
Ýa-da guran bolman iliňe hile?

Nädip diňe goluň bermeli gowa,
Goldaw bolar ýaly naçara, çaga;
Nädip öz agaňa ini bolmaly,
Nädip öz iniňe bolmaly aga?

Nädip adam bolup galmaly diňe,
Hem hyzmatkär ulus ile bakyýa;
Sen ömrüňi ýaşamaly neneňsi,
Bakyp bilmez ýaly iň pesem gyýa?

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024