Gorkynyň ajala peýdasy ýokmuş

O gün bir şum habar eşitdim, tanşym
Hajathana girip, çykmandyr esli.
Agtygy barypdyr. Görse atasy
Gözlerin ýumupdyr, nepesi keslip...

Gynandym. O tanşym ilkiler öýe
Kän gelerdi işim, wezipäm barka.
Ýönä türmä düşüp, çykamdan soňra
Köçede görmedik bolupdy gorkup.

“Gorkynyň ajala peýdasy ýokmuş.”
Muny türk tanşym ýanjardy irmän.
Eger gorkan aman galmaly bolsa,
Ezraýyl köpleri geçirdi görmän...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019