Başgalar ýykylsa...

Başgalar ýykylsa, keseden baksaň,
Düşünýän, birhili, gülkünç bolýar.
Kä ýykylan galýar ýerden bada-bat,
Käsi turup bilmän, uzgarak galýar.

Kä adam ýykylyp, awunýar gaty,
Ýöne bildirmeýär ýylgyran bolup.
Kä adam awunman, jögülik edýär,
Hem gidýär ýaralyň hakyny alyp.

Başgalar ýykylsa, seretseň daşdan,
Ýa ýakyndan, parhy näme, bilmersiň.
Ýöne özüň bolsaň ýanbaşdan urlan
Ýa büdürän, beýle aňsat gülmersiň...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019