Ogry hem il

Ogra ýalbarýarlar daşdan,
Daş-kesege bukulyp:
“Iýme-dä ýetimiň hakyn,
Ölmesin-dä ýykylyp?”

Ogra takal okaýarlar,
Gaçyp gidip daş ýurda:
“Talama-da öz iliňi,
Çozan ýaly aç orda?”

Tankyt edýärler ogryny:
“Eýitme-de, beýitme!”
Emma ogry ogurlanyp,
Oturdylan beýikde.

Golaý baran öwýär ony,
Ogry däl-de, dogry diýip.
Başarsalar serpaý aljak,
Bolman doýjak palaw iýip.

Şo sebäpden eşitmeýär,
Bilmeýär ol aýdylýanyn.
Ýatlatjak ýok golaýynda
Ahyry boş gaýdylýanyn.

Ilçilik-dä, gahar edip,
Ýazdy biri uzyn nama:
“Ili çapyp ogurlanyn
Alyp giden barmy näme?”

Ogry diýdi gazap edip:
“Töhmetçini tapyň, asyň!”
Şondan bäri gözleg gidýär,
Tapyljakmyş pahyr basym...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024