Ýok adam
Derdinişme penjek bilen,
Bolsa-da ýüň ýa ýüpek;
Esgi bilen gürleşenden
Ýagşy bolar ýat köpek...
Goşgy okap berme köwşe,
Ýüzün görmän geýýäniň;
Başsyz aýak söze düşmez,
Aňlamaz ne diýýäniň.
Sagat, stol ýa maşyna
Ýitirme hiç wagtyňy;
Ýok adam näme etsin seniň
Betbagtlygňy, bagtyňy?
()