Dogry söz

Dogry sözüň peýdasy ýok, nepi ýok,
Onuň dogrulygyn bilen bolmasa,
Hem alan bolmasa howadan gapyp,
Tersine, oň zyýany bar aýdana,
Ýüregin bularlar gaçsa-da tapyp,
Ar alarlar soňsuz dogry söz üçin,
Ynjalmazlar hatda ölüp gidenden,
Ýöne dogry sözi aýdan ölse-de,
Dogry sözüň özi ölmez hiç haçan,
Hem ar alar özün inkär edenden...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024