Ogry bilen ýalançy

Uly ogry bezäp çykýar boýuny,
Aç milleti ýoldan kowýarlar daşa.
Ýene-de ýalançy gordurýar atyn,
Ýene çynçy otyr ýeňsesin gaşap.

Uly ogry muňa ýylgyrýar ýeser,
“Diýmedimmi?” diýýän ýaly içinden.
Ýöne ol ynjalyp bilmeýär ýene,
Ünjüsi bar ertir etjek göçünden.

Bu oýun, alaç ýok, göçmeli öňe,
Pyýada ýol bermek howply, hatar.
Hem bilýär ýalançy gyssansa çala,
Ile gezek bermän öňürti satar...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024