Altyn bolsaň

Altyn bolsaň tokga, lowurdap ýatan,
Gün nuruna öwşün atyp müň dürli.
Peýdasy ýok seni görmese kimse,
Ýa ýapyk dükanda ýatsaň möhürli,
Ýedi gulp astynda ýetmiş ýyl çykman,
Öz-özüňe göwünlik ber azajyk:
“Altyn bolsaň, bolar göteren hökman!”

Ýöne altyn bolsaň, özüňem bilseň,
Näçe gömseler-de, batmanyň hapa;
Göterdiler näme, götermediler,--
Ýat ýatan ýeriňde göz dikmän gapa.

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019