Men sen akylyňdan azaşma diýip...
Men sen akylyňdan azaşma diýip,
Başym urdum gara daşdan diwara.
A soň gana dolan gözlerim ýumup,
Uçdum gitdim durna kibi awara.
Emma sen bilmediň meniň nämüçin,
Ne akyldan baş goşanym bu işe.
Yzymdan ne diýse dälirän häkim,
Şeýlemikä diýip etdiň endişe.
Men sen akylyňdan azaşma diýip,
Tas özüm akyldan bolupdym jyda.
Ilden aýralyga çydasa bolar,
Ýöne akyl-huşsuz goýmasyn huda...
()